" Häzirki şertlerde geçiş etabynyň başlamagy gaty kyn"

Tonyr gündelik metbugat ýygnagynda Siriýadaky içerki uruş hakynda durup geçdi

510473
" Häzirki şertlerde geçiş etabynyň başlamagy gaty kyn"

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mark Tonyr Siriýaly oppozisionerleriň Ženewa gepleşiklerine gatnaşmagynyň kyndygyny aýtdy.

Mark Tonyr gündelik metbugat ýygnagynda Siriýadaky içerki uruş hakynda durup geçdi.

Siriýada başdan geçirilýän krizisiň çözülmegi üçin meýilleşdirlen syýasy geçiş etabynyň başlamagynyň kyndygyny aýdan Tonyr, “ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerriniň 1-nji awgusta  çenli syýasy geçiş etabynyň başlamagyny meýilleşdirýändigini emma häzirki şertlerde geçiş etabynyň başlamagynyň gaty kyndygyny belledi.

Tonyr Siriýadaky krizisiň çözülmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri 3-nji maýda beren beýanatynda 1-nji awgusta çenli Siriýada syýasy geçiş etabynyň başlamagynyň maksat edinilýändigini aýdypdy.

 



Degişli Habarlar