Hytaýda howa menzilleriniň birinde partlama boldy

Wakada 3 adam ýaralandy

509284
Hytaýda howa menzilleriniň birinde partlama boldy

Hytaýyň Şanhaý şäherindäki Pudoň halkara howa menzilinde bolan partlamada 2-siniň ýagdaýy agyr bolan 3 adam ýaralandy.

Pudoň halkara howa menziliniň 2-nji terminalynda 2 çemodan yzly-yzyna partlady.

Çemodanlaryň eýesidigi öňe sürülýän 1 adam polisiýa işgärleri tarapyndan göz tussaglygyna alyndy, wakada ýaralan adamlar bolsa hassahana alynyp gidildi.



Degişli Habarlar