İspaniýa toslama ermeni tezislerini ret etdi…

İspaniýanyň 17 sany özygtyýarly ýerli dolanşygynyň mejlisleri toslama ermeni tezisleri baradaky karary ret etdi

507318
İspaniýa toslama ermeni tezislerini ret etdi…

Galisiýanyň Mejlisindäki Umumy topar tarapyndan 25-nji aprelde gün tertibine getirilen we düýn sese goýulan toslama ermeni tezisleri baradaky karar taslamasy 38 ses bilen ret edildi. Taslama 32 agza ses berdi.

Degişli taslama İspaniýada we Galisiýa sebitinde esasy partiýa bolan konserwatiw sag garaýyşly Halk partiýasynyň agzalarynyň garşy durmagy bilen ret edildi. Galisiýanyň milletçileri we Sosialist işçi partiýasy bolsa toslama ermeni tezislerini goldady.

Sese goýulşyk barada analiz beren Türkiýäniň İspaniýadaky ilçisi Ömer Önhon: “Galisiýanyň Mejlisi bir taraply ermeni tezisiniň täsirinde galman adalatly karar kabul etdi” diýdi.

Toslama ermeni tezisleri barada 2015-nji ýylyň maý aýynda İspaniýanyn Senatyna berilen teklip 130 ses bilen ret edilipdi.



Degişli Habarlar