Obama Polşada we Ispaniýada saparda bolar

Obama NATO agza ýurtlaryň liderler maslahatyna gatnaşar

506013
Obama Polşada we Ispaniýada saparda bolar

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama iýul aýynyň 7-11-i aralygynda Polşada we Ispaniýada saparda bolar.

Saparyň ABŞ-da noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawynyň öňüsyrasynda Obamanyň soňky Ýewropa sapary bolmagyna garaşylýar.

Ak Tam tarapyndan berlen beýanatda Obamanyň iýul aýynyň 7-9-y aralygynda Polşanyň paýtagty Warşawa gitjekdigi we NATO agza ýurtlaryň liderleriniň  5-nji we soňky maslahatyna gatnaşjakdygy nygtaldy.

NATO-nyň liderler maslahatynda Owganystandaky soňky ýagdaý we 2016-njy ýyldan soň Owganystanda iş alyp barjak esgerleriň sany meselesi seljerler.

Maslahatda terrora garşy göreş we Ýewropadaky bosgun akymy meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyň çäginde polşaly resmiler bilen hem duşuşjak Barak Obama Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň we ÝB Geňeşiniň ýolbaşçylary bilen hem duşuşar.

Barak Obama maslahatdan soň Prezident hökmünde ilkinji we soňky saparyny Ispaniýa gurar.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama 3 gün dowam etjek saparynyň çäginde Ispan Şasy we Prezidenti bilen hem duşuşar.

 


Etiketkalar: #NATO , #maslahat

Degişli Habarlar