Prezident Erdogan Somalide saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Gündogar Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde indi bolsa Somala bardy

503570
Prezident Erdogan Somalide saparda bolýar
erdoğan somali'de.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Somalide ilki bilen Türkiýäniň Somalidäki täze ilçihanasynyň binasyny kärdeşi Hasan Şyh Mahmud bilen bilelikde açdy.

Türkiýäniň Afrikanyň 39 ýurdunda ilçihanasynyň bardygyny aýdan R.T. Erdogan: “Maksadymyz 54 Afrika ýurdunyň 54-de hem ilçihana açmak” diýip belledi.

Prezident Erdogan somalili kärdeşi bilen ikiçäk duşuşyk geçireninden soň, toparara iş naharynda hem duşuşar.

Ondan soň bolsa iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalara hem gol çekiljek umumy metbugat ýygnagy geçiriler.

Erdogan mundan başgada Ýardameli zenanlaryň we çagalaryň saglygyny goraýan hassahanany açar.

Prezident Erdoganyň şu gün agşam Türkiýä gaýdyp gelmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar