Prezident Erdogan Keniýada saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti R.t. Erdogan Gündogar Afrika ýurtlarynyň biri bolan Keniýada saparda bolýar

502484
Prezident Erdogan Keniýada saparda bolýar

Uganda guran saparyny tamamlan Prezident Erdogan düýn agşam aýaly Emine Erdogan bilen bilelikde Keniýanyň paýtagty Naýroba geçdi.

Şu gün paýtagt Naýrobide duşuşuklar geçirjek Prezident Erdogana köp sanda işewür adam ýoldaşlyk edýär.

Erdoganyň sapary mynasybetli ýurduň Prezidentiniň köşgünde resmi dabara geçiriler.

Erdoganyň Keniýanyň döwlet ýolbaşçysy Uhuru Kenýatta bilen ikiçäk duşuşyk geçireninden soň, iki lider toparara maslahata ýolbaşçylyk ederler.

Dürli ugurlary öz içine alýan şertnamalaryň gol çekiljek maslahatdan soň Erdogan we Kenýatta bilelikde metbugat ýygnagyny geçirerler.

BMG-nyň Naýrobidäki ofisine hem baryp görjek Prezident Erdogan ol ýerde nahal oturdar.

Şu gün agşam bolsa iki ýurduň işewür adamlarynyň gatnaşmagynda forum geçiriler.



Degişli Habarlar