BMG Eýranda 35 adama gamçy jezasynyň berilmegini ýazgardy

“Eýranyň 35 talybyň gamçylanmagy hakyndaky kararyny ýazgarýarys”

501305
BMG Eýranda 35 adama gamçy jezasynyň berilmegini ýazgardy

BMG-nyň Adam hukuklary ýokary komisarlygy Eýranda gutardyş dabarasyna guralan operasiýada tussag edilen 35 adama gamçy jezasynyň berilmegini ýazgardy.

BMG-nyň Adam hukuklary ýokary komisarlygynyň metbugat geňeşçisi Rupert Jolwille mesele hakynda beren beýanatynda perşembe güni paýtagt Tähranyň demirgazygynda ýerleşýän Kazwin şäherinde tussag edilen gyzlardan we erkeklerden ybarat 35 talyba 99 gamçy jezasynyň berlendigini aýtdy.

Gamçylanmagyň halkara adam hukuklaryna görä gadagan edilendigini aýdan Jolwille, “Eýranyň 35 talybyň gamçylanmagy hakyndaky kararyny ýazgarýarys” diýdi.

Rupert Jolwille Eýrana adamzadyň mertebesine zeper ýetirýän bu jezanyň bes edilmegi barada çagyryşyny berdi.

 


Etiketkalar: #ýazgarmak , #BMG

Degişli Habarlar