Ýaponiýada tokaýda ýiten çaganyň gözleg işleri dowam edýär

Çaga geçen hepdäniň şenbe güni ýitipdi

500582
Ýaponiýada tokaýda ýiten çaganyň gözleg işleri dowam edýär

Ýaponiýada ene-atalaryň biri öz çagalaryna temmi bermek maksady bilen ulagdan düşürip tokaýda terk etdiler. Tokaýda terk edilen çaga häzirki wagta çenli hem tapylanok.

Resmiler Hokkaido adasynda şenbe gününden bäri habar alynmaýan 7 ýaşly çaganyň tapylmagy üçin gözleg işlerini dowam etdirýärler.

Sebitde köp sanda aýynyň bolmagy ene-atany has hem aladalandyrýar.

Polisiýa gullugynyň işgärleri ene we atanyň ilki bilen çagalarynyň ot ýygylan wagty ýitendigini emma, birnäçe sagat soň çagalaryna temmi bermek maksady bilen ulagdan düşürip tokaýda goýup gaýdandyklaryny boýun alandyklaryny habar berdiler.

Polisiýa gullugynyň işgärleri çaganyň kakasynyň birnäçe minut soň çagany almak üçin şol ýere gaýdyp barandygyny, emma çagany tapmandygyny mälim etdiler.


Etiketkalar: #Ýaponiýa , #tokaý , #aýy , #ene-ata , #temmi

Degişli Habarlar