ABŞ ÝPG-ä ýene-de goldaw berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem ABŞ-nyň terror guramasy ÝPG-nyň ýanynda ýer almagyna garşylyk görkezdi

499325
ABŞ ÝPG-ä ýene-de goldaw berdi

 

ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmeginde DAEŞ-e garşy göreş üçin döredilen halkara güýçleriň metbugat geňeşçisi serkerde Stew Warren Siriýadaky esgerleriň terror guramasy ÝPG-nyň belligini götermegi hakynda “Dogry däl” sözüni ulansada resmi Waşington ýene-de ÝPG-ä goldaw berýän beýanat berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň metbugat geňeşçisi Mark Toner, ABŞ-nyň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi bolan ÝPG-ä goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Türkiýäniň terror guramasy ÝPG hakyndaky aladalaryna düşünýändiklerini aýdan Toner, ÝPG bilen işleşmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Toner “Terror guramasy PKK bilen ÝPG-nyň arasynda hiç hili arabaglanşyk ýok diýip bilmerin diýsemde iki tapawutly gurama” diýdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmeginde DAEŞ-e garşy göreş üçin döredilen halkara güýçleriň metbugat geňeşçisi serkerde Stew Warren Siriýadaky esgerleriň ýüzünde terror guramasy ÝPG-nyň belligi bolan harby egin eşik geýmegi hakynda beýanat berdi.

Warren; “Amerikaly esgerleriň ÝPG-nyň belligi bolan harby egin eşik geýmekleri elbetde dogry däl we ýalňyşlygyň ortadan aýrylmagy üçin sebitdäki harby hyzmatdaşlarymyz bilen işe girişildi” diýipdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem ABŞ-nyň terror guramasy ÝPG-nyň ýanynda ýer almagyna garşylyk görkezdi.

 



Degişli Habarlar