“Siriýada kürtler üçin awtanom sebite goldaw bermeýäris”

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geneşçisi Mark Toner Türkiýäniň aladalaryna düşünýändiklerini nygtap, Siriýadaky kürtler üçin ýarym awtanom sebit berilmegini goldamaýandyklaryny aýtdy

496509
“Siriýada kürtler üçin awtanom sebite goldaw bermeýäris”

Toner gündelik metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdesi General Žozef Woteliň hepdäniň ahyrynda Siriýa guran sapary bilen bagly soraglara jogap berdi.

Toner Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyk edýändiklerini nygtap: “Siriýanyň demirgazygyndaky kürtler bilen bagly aladalaryna düşünýäris. Kürtlere awtanom sebit döretmekleri baradaky pozisiýasyny çürt kesik beýan etdik” diýdi.

Toner: “Kürtler DAEŞ-den boşdylan ýerleri almaga synanmasynlar we ony raýat dolanşyklaryna berip, giden halkyň yzyna dolanyp gelmegini üpjün etsinler” diýdi.

Mark Toner amerikaly ýolbaşçylaryň terror guramasy PÝD bilen gatnaşyk etmeginiň bolsa olaryň awtanomiýa islegine oňyn garaýandyklary manysyny aňlatmaýandygyny nygtady.

Toner: “Bu gepleşikler kürt güýçleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek isleýändigimizi aňladýar. Olara nämeleriň gerekdigini, nähili kynçylyk çekýändiklerini anyk öwrenmek isleýäris. Emma bu gepleşikler olaryň awtanomiýa isleglerini ykrar edýändigimiz manysyny aňlatmaýar” diýdi.



Degişli Habarlar