Asada bagly güýçleriň uçarlarynyň hüjüminde 13 adam ýogaldy

Hüjümde şeýle hem köp sanda adam ýaralandy

493476
Asada bagly güýçleriň uçarlarynyň hüjüminde 13 adam ýogaldy

Siriýanyň Ýaragly güýçleriniň harby uçarlarynyň oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Rastan etrabyna guran howa hüjüminde şol bir maşgaladan 13 adam ýogaldy.

Hüjümde şeýle hem köp sanda adam ýaralandy.

Homs bilen Hama şäherleriniň arasynda ýerleşýän we 1,5 ýyl bäri Asada bagly güýçleriň gabawy astynda bolan Rastan etrabynyň elektrik toklary we suwlary kesilen.

Ynsanperwer goldawyň eltilip bilinmeýän etraba Asada bagly güýçler her gün gury ýerden we howadan hüjüm guraýar.



Degişli Habarlar