Yragyň Salahaddin welaýatynda ýaragly hüjüm guraldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 13 adam ýogaldy

490265
Yragyň Salahaddin welaýatynda ýaragly hüjüm guraldy

Yragyň Salahaddin welaýatynyň Beled etrabynda kafeleriň birinde guralan ýaragly hüjümde 13 adam ýogaldy.

Ýaşaýjylarynyň aglabasy şaýy bolan etrapda ýaragly 3 adam kafeleriň birine girip içindäki adamlara od açdylar. Wakada 13 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy.

Yrakda soňky wagtlarda şuňa meňzeş hüjümler ýygy-ýygydan bolýar.

Paýtagt Bagdatdaky polisiýa bölümine düýn bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 3 adam ýogalypdy, polisiýa gullugynyň 14 işgäri ýaralanypdy.

Bagdatda çarşenbe güni 3 aýry ýerde guralan kamikaze hüjümlerinde bolsa jemi 98 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar