Ortaýer deňizinde bu gezek 800 bosgun halas edildi

Liwiýadan Ýewropa geçmek üçin garaşýan jemi 1 million töwregi bosgunyň bardygy çak edilýär

485974
Ortaýer deňizinde bu gezek 800 bosgun halas edildi

Italiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy Sisiliýa adasynyň suw giňişliginde gaýyklar bilen Ýewropa geçmäge synanyşan bosgunlary halas etdiler.

Italiýanyň gämileri Liwiýadan ýola çykan 10 gaýykdaky ýolagçylaryň dadyna ýetişdi.

Howalaryň ýylamagy we Balkan ýurtlarynyň serhetleriniň ýapylmagy sebäpli bosgunlar indi bolsa Liwiýadan Italiýa geçmäge synanyşýarlar.

Italiýan resmiler şu ýylyň başyndan bäri 30 müňden gowrak bosgunyň halas edilendigini mälim etdililer.

Liwiýadan Ýewropa geçmek üçin garaşýan 1 million töwregi bosgunyň bardygy çak edilýär.



Degişli Habarlar