ÝP etabyň oňyn netijelenmegi üçin goldaw bermäge taýar

Ýewropa Parlamentiniň türk raýatlaryna wiza ýeňilliginiň döredilmegi etabynyň oňyn netijelenmegine goldaw bermäge taýardygyny mälim etdi

484751
ÝP etabyň oňyn netijelenmegi üçin goldaw bermäge taýar

Ýewropa Parlamentiniň başlygy Martin Şulz we topar başlyklaryndan ybarat Ýolbaşçylar geňeşi Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň türk raýatlarynyna wiza ýeňilliginiň döredilmegini öz içine alýan maslahat kararyny ara alyp maslahatlaşdy.

Maslahatdan soň berilen beýanatda: “Türkiýä wiza ýeňilliginiň döredilmegi meselesinde oňyn netije alynmagy üçin goldaw bermäge taýardyrys” diýildi.

Türkiýäniň bellenen kriteriýalary ýerine ýetirmek üçin edýän tagallasyna hoşallyk bildirilýän beýanatda: “Emma ÝB Komissiýasy ÝP-ni entek ähli şertleriň ýerine ýetirilmändigi barada habardar etdi. Bularyň ählisi ýola goýulýança çenli dowam edilmeli” diýildi.



Degişli Habarlar