Hindistanda tokaý ýangynynda 7 adam ýogaldy

Ýangynda 2 müň gekdarlyk tokaý ýanyp kül boldy

482731
Hindistanda tokaý ýangynynda 7 adam ýogaldy

 

Hindistanyň demirgazygynda ýerleşýän Uttarakhand welaýatynda tokaý ýangyny sebäpli 7 adam ýogaldy.

Ýangynda 2 müň gekdarlyk tokaý ýanyp kül boldy.

Müňden gowrak adam ýangyn söndüriş işlerine gatnaşýar.

Howa güýçleri hem dik uçarlar bilen ýangyn söndüriş işlerine goldaw berýär.

Daşky gurşaw ministri Prakaş Žawadekar ýangyn bilen baglanşykly 4 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi.

Tokaý hojalygy müdürliginiň ýolbaşçylary hem ýangynyň gaplaňlary goraýyş merkezine howp salýandygyna ünsi çekdi.

Hindistanda aşa yssy howa sebäpli üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 330 adam ýogaldy.

 

 


Etiketkalar: #tokaý hojalygy , #ýangyn

Degişli Habarlar