ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Ženewa bardy

Kerri Halap şäherinde Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň howa hüjümleriniň artmagy sebäpli herekete geçdi

482368
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Ženewa bardy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýa gepleşikleriniň geçirilýän ýeri bolan Şweýsariýanyň Ženewa şäherine bardy

Siriýanyň Halap şäherinde Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň howa hüjümleriniň artmagy sebäpli herekete geçen Kerri, Siriýada ýaňadandan ylalaşyk gazanylmagy üçin  gepleşiklerde öňe gidişlik edilmegini umyt edýändigini aýtdy.

Kerri “ iki gün 48 sagat diýseň möhüm. Siriýanyň hökümetiniň ylalaşyga oňyn jogap bermegi üçin Russiýa tagalla etmeli” diýdi.

Ýurtda geçen hepde ABŞ-nyň we Russiýanyň hemaýatkärliginde “Sessislik ulgamy” ylalaşygy gazanylypdy. Emma şol ylalaşykdan soň 1 hepde-de Halap şäherinde asuda ilatdan 250-den gowrak adam ýogaldy.

Beýleki tarapdan Halap şäherinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Sukeri etrabyndaky hassahana rus harby uçarlary tarapyndan 27-nji aprelde guralan hüjüme berk garşylyk görkezildi.

 



Degişli Habarlar