Ýemen parahatçylyk gepleşikleriniň şu gün başlamagyna garaşylýar

Gepleşiklerde husileriň basyp alan şäherlerinden çekilmegini we ýaraglaryny taşlamagyny göz öňünde tutýan karar taslamasy ara alnyp maslahatlaşylar

475127
Ýemen parahatçylyk gepleşikleriniň şu gün başlamagyna garaşylýar

Ýemen parahatçylyk gepleşikleriniň şu gün Kuweýtde başlamagyna garaşylýar.

BMG-nyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek gepleşiklerde taraplar şaýy husileriň basyp alan şäherlerinden çekilmegini we ýaraglaryny taşlamagyny göz öňünde tutýan Howpsyzlyk geňeşiniň karar taslamasy ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýemende 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri çaknyşýan taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň birinji we ikinji tapgyry Şweýsariýada geçirlipdi emma gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

Gepleşikleriň üçünji tapgyrynyň duşenbe güni Kuweýtde başlamagyna garaşylýardy emma husileriň gepleşiklere gatnaşmandygy sebäpli yza süýşürlipdi.

Hökümetiň adyndan gepleşiklere gatnaşýan topar husiler bilen ýurduň agdarlan lideri Ali Abdullah Salihiň tarapdarlaryna wekilçilik edýän topar şu gün gepleşiklere gelmän halatynda gepleşiklerden çekiljekdiklerini mälim etdi.



Degişli Habarlar