PKK ýezidi çagalaryny aldap öz hataryna goşýar

Ýezidi serkerde terror guramasy DAEŞ bilen PKK-nyň arasynda hiç hili tapawudyň ýokdygyny belledi

473924
PKK ýezidi çagalaryny aldap öz hataryna goşýar


Yragyň Mosul şäheriniň Sinjar etrabyndaky ýezidi serkerde Kasym Dyrbo terror guramasy PKK-nyň ýezidi çagalaryny aldap öz hataryna goşandygyny nygtady.

Ýezidi serkerde terror guramasy DAEŞ bilen PKK-nyň arasynda hiç hili tapawudyň ýokdygyny belledi.

Ýezidi serkerde Dyrbo Kürdistan demokrat partiýasynyň resmi internet saýtynda berlen beýanatynda “PKK ýezidi çagalary aldaýar. Sinjar dagynda mekdep açjakdyklary bahasny bilen esasan hem gyzlary öz hataryna goşmaga synanşýar. Öz hataryna goşmak isleýän çagalaryna ykjam telefon alyp olary aldaýar" diýdi.

Dyrbo PKK-nyň hataryna goşulan ýezidi çagalarynyň umuman 15 ýaşyndadygyny ýatlatdy.

Terror guramasy DAEŞ hem 2014-nji ýylyň 3-nji awgustynda Mosulyň Sinjar etrabyna hüjüm gurap köp sanly ýezidi zenany we çagany zamun alypdy.


Etiketkalar: #zamun almak , #çagalar

Degişli Habarlar