Siriýa krizisinde 270 müňden gowrak adam ýogaldy
Asada tabynlykdaky güýçleriň hatarynda söweşýän Eýranly ýene-de 2 esger öldürildi
Siriýanyň Halap şäherinden çaknyşyk habarlary gelmäge dowam edýär.
Merkezi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary guramasy tarapyndan berlen beýanata görä, hüjümleriň bes edilmegi hakynda 27-nji fewralda güýje giren ylalaşyga garamazdan Halap şäherinden çaknyşyk habarlarynyň gelýändigi nygtaldy.
Beýanatda şäherde asuda ilatdan 22 adamyň ýogalandygy bellenildi.
2011-nji ýylda başlan Siriýa krizisinde häzire çenli 270 müňden gowrak adam ýogaldy. Ýurduň ilatynyň ýarysy hem öýlerini ýerini ýurduny terk etmeli boldy.
Beýleki tarapdan Asada tabynlykdaky güýçleriň hatarynda söweşýän Eýranly ýene-de 2 esger öldürildi.
Şeýlelikde Siriýadaky çaknyşyklarda aprel aýynyň başynda bäri Eýranly 26 esger ýogaldy.
Degişli Habarlar
Russiýa Liwandaky Raýatlaryna Ýurdy Terk Etmeklerini Maslahat Berdi
“Raýatlarymyza gysga wagtda Liwany terk etmeklerini maslahat berýäris we degişli çäreler görülýär"
Germaniýada partlama boldy
Germaniýanyň Kýoln şäherinde kafeleriň birinde bolan partlamada 2 adam ýeňil ýagdaýda ýaralandy