Hytaýda kran heläkçiligi sebäpli 18 adam ýogaldy

Hassahanada bejergi astyna alynan ýaralananlardan 4-niň ýagdaýy agyr

470810
Hytaýda kran heläkçiligi sebäpli 18 adam ýogaldy

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Guangdong welaýatynda gurluşyk meýdanyndaky kranyň wagtlaýyn ýaşaýyş jaýynyň üstüne gaçmagy sebäpli 18 adam ýogaldy.

Ýolbaşçylar Dongguan şäherinde 80 tonnalyk kranyň gurluşyk meýdanynda işçileriň bolýan wagtlaýyn ýaşaýyş jaýynyň üstüne gaçmagy sebäpli 18 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Hassahanada bejergi astyna alynan ýaralananlardan 4-niň ýagdaýy agyr.

Gözleg we halas ediş toparynyň metbugat geňeşçisi Lua Bin heläkçiligiň bolan wagty wagtlaýyn ýaşaýyş jaýynda 139 adamyň bardygyny emma olaryň esasy böleginiň öz mümkinçilikleri bilen halas bolmagy başarandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar