Jon Kerri garaşylmadyk ýagdaýda Yraga bardy

Kerri Halkara Pul gaznasyna Yraga kömek barada çagyryş berdi

467391
Jon Kerri garaşylmadyk ýagdaýda Yraga bardy

Garaşylmadyk ýagdaýda Yraga baran ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Yragyň Daşary işler ministri Ibrahim Al Jaferi bilen duşuşdy.

Jaferi bilen Jon Kerri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, sebitdäki howplara garşy göreş, syýasy we howpsyzlyk meselesi bilen birlikde terror guramasy DEAŞ-a garşy göreş hakynda pikir alyşdy.

Yragyň Daşary işler ministri Jaferi ýurdunyň ähli kynçylyklara garamazdan güýçlidigini nygtady we topraklaryny terror guramasy DEAŞ-dan yzyna almaga dowam etjekdiklerini belledi.

Jaferi ABŞ-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň terrora garşy göreşde ýurduna berýän goldawy hakynda öwgüli sözler aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri hem Yragyň terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşi barada öwgüli sözler aýtdy.

Jon Kerri Halkara Pul gaznasyna Yraga kömek barada çagyryş berdi.



Degişli Habarlar