Siriýada eýranly 2 esger öldürildi

Siriýada 6 ýyl bäri dowam edýän söweşlerde eýranly esgerler Asada bagly güýçleriň ýanynda oppozisionerlere garşy söweşýär

466419
Siriýada eýranly 2 esger öldürildi

Ehli Beýt habarlar gullugynyň berýän habaryna görä Muhammed Jebeli we Ebulfazl Rah Çemeni atly eýranly Ynkylap goragçylary Halapdaky çaknyşyklarda ýogaldylar.

Habarda esgerleriň çinleri barada maglumat berilmesede jynazalarynyň paýtagt Tährana ugradyljakdygy bellendi.

Siriýada 6 ýyl bäri dowam edýän söweşlerde eýranly esgerler Asada bagly güýçleriň ýanynda oppozisionerlere garşy söweşýär.


Degişli Habarlar