Owganystanyň Parwan şäherinde bombaly hüjüm guraldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 6 adam ýogaldy

464839
Owganystanyň Parwan şäherinde bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Parwan şäherinde bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 6 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Sedik Sediki şäheriň Siýagerd etrabyndaky liseýleriň biriniň golaýynda ýerleşýän polis gözegçilik merkezine bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guralandygyny habar berdi.

Sediki ýogalanlaryň we ýaralananlaryň arasynda çagalaryň we zenanlaryň hem bardygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar