“NATO howpsyzlygymyzyň gözbaşydyr”
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama dünýäniň çylşyrymly döwüri başdan gçeirýändigini nygtap, NATO-nyň howpsyzlygyň gözbaşy bolup durýandygyny aýtdy
![“NATO howpsyzlygymyzyň gözbaşydyr”](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/67e3/b30d/7f1e/57033db3cc53f.jpg?time=1718728476)
ABŞ-nyň Prezidenti Obama Ak Tamda NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.
Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Obama NATO barada terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşe goşýan goşandy bilen birlikde Owganystandaky missiýasy we Ýewropadaky bosgunlar meselesine beren goldawy mynasybetli öwgüli sözler aýtdy.
Obama NATO-nyň Liwiýada, Yrakda, İordaniýada we beýleki ýurtlarda-da terror toparlaryna garşy goldaw berip biljekdigini nygtady.
Dünýäniň çylşyrymly döwüri başdan geçirýändigini aýdan Obama, Ýewropanyň global howpsyzlyk ulgamynda esasy dartgynlygyň başdan geçirilýän kontinentdigini belläp geçdi.
Obama umumy goranyş ulgamynda NATO-nyň eýeleýän pozisiýasyna ünsi çekdi we “NATO biziň umumy goranyşymyzyň we howpsyzlyk syýasatymyzyň gözbaşy bolmagynda galýar" diýdi.
Stoltenberg hem NATO-nyň “hemişekisinden has uly ähmiýete eýedigini" nygtady.
NATO-nyň dünýäniň howply ýerlerinde iş alyp barmaga dowam edýändigini ýatladan Stoltenberg, hyzmatdaşlygyň Yragyň howpsyzlyk howpsyzlyk güýçlerine tälim bermäge başlandygyny hem mälim etdi.
Ýens Stoltenberg terror guramasy DAEŞ-iň bar bolan ýurtlaryny goldamak we olaryň durnuklaşmagyna goldaw bermek üçin kömege taýardygyny nygtady.
Degişli Habarlar
![Ermenistan Fransiýadan "Sezar" artilleriýa ulgamyny satyn alar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/6a60/665b/59e9/6671511db0c71.jpg?time=1718728477)
Ermenistan Fransiýadan "Sezar" artilleriýa ulgamyny satyn alar
"Sezar" artilleriýa ulgamlary fransuz goranyş senagaty kärhanasy "Nexter" tarapyndan öndürilýär