Somaliniň paýtagtynda hüjüm guraldy

Ýogalanlaryň arasynda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Somaliniň raýatlary bar

461847
Somaliniň paýtagtynda hüjüm guraldy

Somaliniň paýtagty Mogadişuda aralarynda Türkiýäniň raýatlary hem bolan mekdebiň awtobusyna guralan hüjümde 6 adam ýogaldy.

Mogadişuda 4-nji kilometr diýip bilinýän sebitde, okuwçylaryň mekdepden gaýdyp gelýän wagty şahsyýetleri belli bolmadyk adamlary tarapyndan hüjüm guraldy.

Wakadan soň sebitdäki Afrika Bileleşiginiň esgerleri howpsyzlyk çärelerini artdyrdy, waka bilen baglanşykly bolsa derňew işi başladyldy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda hüjümde ýaralanan türk raýatlaryň ýagdaýlarynyň Türkiýäniň Somalidäki ilçihananyň wekilleri tarapyndan ýakyndan gözegçilik edilýändigi bellenip: “Hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys we näletleýäris" diýildi.

Hüjümde ýogalan adamlara Alladan rehnet, dogan-garyndaşlaryna bolsa gynanç bildirilýän beýanatda: “2016-njy ýylyň 30-njy martynda agşam Somaliniň paýtagty Mogadişuda aralarynda Türkiýäniň raýatlary hem bolan awtobusa guralan hüjümde biziň raýatlarymyz bilen birlikde Azerbaýjanyň we Somaliniň raýatlary hem ýogaldy, käbir adamlaryň bolsa ýaralanandygyny gynanç bilen bildirýäris" diýilýär.



Degişli Habarlar