Eýranda ýer titredi

Eýranyň günorta-günbataryndaky Çaharmahal-Bahtiýari welaýatynyň Nagan şäherinde 5 bal ululygynda ýer titreme boldy

462038
Eýranda ýer titredi

Tähran uniwersitediniň Geofizika institudynyň Seýismalogiýa merkezi ýerli wagt bilen sagat 11:45-de bolan ýer titremäniň ýeriň 6 km aşagynda emele gelendigini mälim etdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi IRINN-e beýanat beren Nagan şäheriniň häkimi Ali Ibrahimi: “Häzirki wagta çenli bize gelip gowuşan maglumatlara görä tebigy heläkçilikde ýogalan adam ýok. Emma ýer titreme sebäpli käbir binalara zeper ýetdi" diýdi.



Degişli Habarlar