ABŞ terror guramasy PÝD-niň öňüni arassalaýar

ABŞ Ewfrat derýasynyň günbatarynda terror guramasy PÝD-niň öňüni açmak üçin howa hüjümini guraýar

461545
ABŞ terror guramasy PÝD-niň öňüni arassalaýar

ABŞ-nyň harby howa güýçleri terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-niň operasiýa geçirmek üçin taýarlanýan Halapyň Münbiç etrabynyň töwereklerine howa hüjümini guraýar.

Ýerli çeşmeler ABŞ-na degişli harby uçarlarynyň duşenbe güni başladan howa hüjümleriniň düýn hem bütin gün dowam edendigini habar berdi.

Etrabyň töweregine jemi 25 gezek howa hüjümi guraldy.

Ýerli çeşmeler Asada bagly güýçleriň hem sebite hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändiginiň ähtimaldygyna ünsleri çekdi.

Asada bagly güýçler we PÝD bilelikde DAEŞ garşy birnäçe front açyp, guramanyň güýjini azaltmak isleýändigini ähtimaldygy gelýän habarlaryň arasynda.

Asada bagly güýçler we PÝD Siriýanyň demirgazygynda birnäçe ýerde hyzmatdaşlyk edýändigi bilinýär.

PÝD ýakyn wagtda Uly Münbiç operasiýasy diýip at beren hüjümlere başlamagyna garaşylýar.

Münbiç etraby Türkiýe serhedindäki Jerablusa takmynan 40 km alysda ýerleşýär.

Britaniýanyň The Times gazedi duşenbe güni ABŞ-nyň Türkiýe serhedi bilen Münbiç aralygyndaky sebiti DAEŞ-den saplap PÝD-ni ýerleşdirmek isleýändigini ýazypdy.



Degişli Habarlar