Türk alymlary içege ragy boýunça açyş etdi

ABŞ-nyň Boston şäherinde ýaşaýan iki türk alymy içege ragynyň sebäpleriniň öwrenilmegine we bejergisine goşant goşjak ylmy barlag geçirdiler

459337
Türk alymlary içege ragy boýunça açyş etdi

Massaşutes Tehnologiýa uniwersitetinde Ýylmaz laboratoriýasyny guran ylymlary doktory Ömer Ýylmaz bilen Garward uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň immunologiýa bölüminde doktorlyk okaýan Semir Beýaz lukmançylyk dünýäsinde gyzyklanma döreden ylmy barlag geçirdiler.

Türk alymlary Ýylmaz we Beýaz 9-12 aýyň dowamynda sağdyn syçanlary 60 göterimi ýağly berhiz bilen iýmitlendirip, öýjükler we obezlik bilen bagly raklaryň arasynda gatnaşygy analiz etdiler.

Ýylmaz we Beýaz ylmy barlagyň netijesinde ýagly iýmitlenmegiň öýjüklere ýetirýän täsiriň, ýagly iýmitlenmek we obezlik bilen ragyň arasyndaki uzak wagtdan bäri pikirlenilýän gatnaşygyň sebäbidigini öwrendiler.

Mart aýynyn başynda ylym dünýäsiniň meşhur “Nature" žurnalynda çap edilen we uly seslenme döreden Ýylmaz bilen Beýazyň barlagyna “Forbes", “İndependent", “Boston" žurnallary bilen “ÇBS WBZ Boston" ýaýlymy hem orun berdi.



Degişli Habarlar