Poroşenko Russiýadaky syýasy tussaglylaryň boşadylmagy üçin kömek sorady

Poroşenko Ýewropa Geňeşiniň adam hukuklary boýunça komisary Nils Muiznieksi kabul etdi

458803
Poroşenko Russiýadaky  syýasy tussaglylaryň boşadylmagy üçin  kömek sorady

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko Ukrainaly syýasy tussaglylaryň ýagdaýy bilen ýakyndan gyzyklanmak üçin Russiýa ýörite toparyň ugradylmagy meselesinde Ýewropa Geňeşine ýüz tutandyklaryny aýtdy.

Poroşenko Ýewropa Geňeşiniň adam hukuklary boýunça komisary Nils Muiznieksi kabul etdi.

Poroşenko kabul edilşikde Nadežda Sawşenko bilen birlikde Russiýada tussaglykda saklanýan syýasy tussaglylaryň boşadylmagy üçin Ýewropa Geňeşinden kömek sorady.

Prezident Poroşenko Ukrainaly syýasatçylaryň Russiýada tussaglykda saklanmagynyň halkara kanunlaryna bap gelmeýändigini nygtady.

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko Krym tatarlaryna edilýän basyşa hem alada bildirýändigini belledi.



Degişli Habarlar