Belgiýanyň içeri işler we adalat ministrleriniň wezipeden çekilendikleri öňe sürüldi

Brýusselde guralan terrorçylykly hüjümler bilen baglylykda Belgiýanyň İçeri işler ministri Žambonyň we Adalat ministri Ginsiň wezipeden çekilendikleri habar berildi

458177
Belgiýanyň içeri işler we adalat ministrleriniň wezipeden çekilendikleri öňe sürüldi

Käbir çeşmeler ministrleriň Prezident R.T.Erdoganyň hüjümi guranlardan biriniň Türkiýeden deport çykarylyp, ýewropaly degişli ederalara-da bu barasynda maglumat berilendigini beýan etmeginden son wezipeden çekilendiklerini habar berýärler.

Ministrleriň wezipeden çekilmek baradaky arzalarynyň Belgiýanyň Premýer ministri Çarles Mişel tarapyndan kabul edilmändigi hem gelip gowşan habarlaryň arasynda.

Syýasy arenadaky habarlar nähili bolanda-da Erdoganyň Brýusselde guralan hüjümleriň jenaýatçylaryndan biriniň Türkiýeden çykarylandygyny we Ýewropa ýurtlaryna hem şol adamyň terror guramasy bilen bolan gatnaşygy barada maglumat berendigini beýan etmegi giň seslenme döretdi.

Britaniýanyň metbugatynda berilen habarlarda we analizlerde Belgiýanyň hökümetiniň we howpsyzlyk güýçleriniň terrorçylyga garşy göreşdäki ukyby seljerilen bolsa, terrorçylyk garşy göreş hünärmenleri howpsyzlyk we polis gulluklaryny tankyt etdi.

Ýurduň belli gazetlerinden “Finansal Taýms" “Erdoganyň Ýewropa duýduryş berilendigi baradaky maglumatynyň Belgiýa üçin uly syýasy utanç boljakdygy" nygtalyp, Belgiýanyň hökümetiniň onsuz hem hüjümçileriň gowy yzarlanmanlygy bilen bagly agyr soraglara sezewar bolandygyny ýazdy.

“Ze İndependent" gazeti bolsa “Ýalňyşlyklar tragediýasy" söz başysyny saýlap aldy.

Gazet: “Belgiýanyň ýolbaşçylarynyň ýalňyşlyklary bombaçylaryň howpsyzlyk torundan gaçmagyna sebäp boldy" söz başysy bilen beren habarynda, Türkiýäniň terrorçylar baradaky duýduryşlarynyň ýewropalylar tarapyndan ünsden düşürilendigine üns çekilýär.


Degişli Habarlar