Netanýahu: “Türkiýe bilen gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmak isleýäris”

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak isleýändiklerini aýtdy

457116
Netanýahu: “Türkiýe bilen gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmak isleýäris”

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak isleýändiklerini aýtdy

Ysraýylyň metbugat gullugyndan berilen ýazmaça beýanatda Netanýahunyň: “Biz elmydama Türkiýe gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmak isledik. Eger mümkin bolsa gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmak isleýäris. Türkiýe bilen gepleşiklerimiz dowam edýär we netijeler alynýar. Golaýda ýene-de bir duşuşyk geçiriler. Şol duşuşygyň gatnaşyklarymyzy dolulygyna kadalaşdyrmagy üçin oňyn netijeler berjekdigini tama edýärin" diýendigi nygtalýar.

Beýanatda Netanýahunyň Beýoglundaky terrorçylykly hüjüm boýunça derňew işi barada bolsa “Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda gowy hyzmatdaşlygyň bardygyny we bu meselede hiç hili nägileligiň bolmandygyny" beýan edendigi aýdylýar.



Degişli Habarlar