Ýewropa hyýanatçylykly hüjüme sezewar boldy

Hüjümlerde azyndan 34 adam ýogaldy

456474
Ýewropa  hyýanatçylykly hüjüme sezewar boldy

Ýewropa ýene-de bir gezek hyýanatçylykly hüjüme sezewar boldy.

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde düýn 3 partlama boldy.

Ilki howa menzilinde iki partlama boldy.

Yzy ýanyndan Maalbeek metro bekedi nyşana alyndy.

Hüjümlerde azyndan 34 adam ýogaldy, 130-dan gowrak adam hem ýaralandy.

Partlamalardan soň ýurtda terrora garşy giň gerimli operasiýa başladyldy.

Brýusseliň Sharberk etrabynda bir öýe guralan operasiýada himiki madda bilen terror guramasy DEAŞ-iň baýdagy tapyldy.



Degişli Habarlar