“Terrorçylar kör we betpäl”

Partlamalarda hassahanadan alynan maglumatlara görä 34 adam ýogaldy,

456027
“Terrorçylar kör we betpäl”

Belgiýanyň Premýer ministri Çarles Mişel ýurdynyň gara günlerden birini başdan geçirýändigini nygtap: “Terrorçylar kör we betpäl" diýdi

Çarles Miçel paýtagt Brýusselde guralan terrorçylykly hüjümlerde köp sanly adamyň pida bolandygyny we ýaralanandygyny beýan etdi.

Şäherdäki howa menzilinde we metro beketlerinde bolan partlamalarda hassahanadan alynan maglumatlara görä 34 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

Iki partlamada howa menzilindäki apronda we terminal binasynda boldy.

Şol wakada ilkinji kesgitlemelere görä 14 adam heläk boldy.

Bir sagat soň şäheriň metro beketlerinden birinde köp sanly partlama boldy.

ÝB-ne degişli guramalaryň ýerleşýän etrabynda bolan wakada-da ilkinji kesgitlemelere görä 20 adam ýogaldy, 55 adam ýaralandy.

Brýusselde ähli jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawy bes edildi, halka öýlerinden çykmazlyklary üçin çagyryşlar edilýär.

Ýurtda terror duýduryşynyň derejesi iň ýokary çäk bolan 4-e göterildi, harby goşun serhetdäki howpsyzlyk çärelerini berkitdi.



Degişli Habarlar