Obama paýtagt Gawanada Prezident Raul Kasto bilen duşuşdy

Barak Obama tapawutlylyklara garamazdan geljege umytly garaýandyklaryny belledi

455546
Obama paýtagt Gawanada Prezident Raul Kasto bilen duşuşdy

Kuba taryhy sapar guran ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama paýtagt Gawanada Prezident Raul Kasto bilen duşuşdy.

Özara duşuşykdan soň metbugata beýanat beren iki lider gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin uly öňe gidişlik edilendigini aýtdy.

Barak Obama tapawutlylyklara garamazdan geljege umytly garaýandyklaryny belledi.

Barak Obama Kuba goýlan embargolaryň ortadan aýryljakdygyny emma wagt meselesinde anyk maglumat berip bilmejekdigini nygtady.

Kubanyň geljegine kubalylaryň karar berjekdigini aýdan Obama, onlarça ýyldan bäri Kubanyň çetleşdirilmegi üçin alyp baran syýasatlarynyň netije bermändigini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Obama iki ýurduň adam hak-hukuklary we demokratiýa meselelerinde tapawutly garaýyşa eýedigini we Raul Kasto bilen bolan duşuşynda bu mesele hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Kubanyň Prezidenti Kastro bolsa esasan hem adam hukuklary meselesinde ABŞ-nyň iki ýüzli çemeleşmesiniň dowam edýändigini nygtady.

Iki ýurduň arasyndaky tapawutlylaryň dowam etjekdigini aýdan Kasto dünýäde hiçbir ýurduň saglygy goraýyş, bilim we adalatly aýlyk meselesine kepilnama berip bilmejekdigine ünsi çekdi.

“Biz ynsanlaryň hukuklaryny goraýarys" diýen Kasto kärdeşi Obama ýaly iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin tagalla etjekdiklerini nygtady.



Degişli Habarlar