Her dört adamdan biri howanyň hapalygy sebäpli ýogalýar

Dünýäde ýogalýan her dört adamyň biri howanyň hapalygy sebäpli ýogalýar

451446
Her dört adamdan biri howanyň hapalygy sebäpli ýogalýar

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy global derejede her ýyl ýogalýan dört adamyň biriniň ýagny 12 million 600 müňüniň ýogalmagynyň howanyň hapalygy sebäplidigini mälim etdi.

Adamyň saglygyna ýaramaz täsir ýetirýän we ömrüňi gysgaldýan howanyň hapalygy esasan hem Günorta-gündogar Aziýa, Ýuwaş okeanyň günbatary we Afrika ýurtlaryna täsir ýetirýär.

Dünýäde howanyň iň köp hapalanmagyna täsir ýetirýän madda bolan kömür sebäpli her ýyl 8 million 200 müň adam ýogalýar.

Howanyň hapalygy her ýyl 5,5 million adamyň ir ölmegine sebäp bolýar.

Howanyň hapalygy sebäpli esasan hem 5 ýaşyndan kiçi çagalar we 50 ýaşdan uly adamlar ýogalýar.

Howanyň hapalygy sebäpli her ýyl 1 million 700 müň çaga we 50 ýaşdan uly takmynan 50 million adam ýogalýar.

Ulag heläkçiligi we ýaragly hüjümler her ýyl takmynan 2 million adamyň ölümine sebäp bolýar.



Degişli Habarlar