Pakistanda muson ýagyşlary sebäpli 42 adam ýogaldy

5 günden bäri dowam edýän ýagyş sebäpli 70 adam hem ýaralandy

450515
Pakistanda muson ýagyşlary sebäpli 42 adam  ýogaldy


Pakistanda muson ýagyşlaryndan soň sil we ýeriň süýşmegi sebäpli ýogalanlaryň sany 42 adama ýetdi.

5 günden bäri dowam edýän ýagyş sebäpli 70 adam hem ýaralandy.

Belujistan we Haýber welaýatlarynda aşa köp ýagýan ýagyş sebäpli 75 öý ýykyldy.

Orakzaý etrapçasynda bolsa ýeriň süýşmegi sebäpli kömür magdany çökdi.

Magdandaky işçilerden 7-si ýogaldy, 10-y ýaralandy.

Pakistanda geçen ýylyň tomus aýlarynda muson ýagyşlary sebäpli 81 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar