Awstriýada Ysraýylyň hökümeti protest edildi

Awstriýanyň paýtagty Wenada ýygnanan bir topar Palestindaky basyp alyjylygyny bes etmek üçin Ysraýyla garşy protest edilmegine çagyrdy

449311
Awstriýada Ysraýylyň hökümeti protest edildi

Özlerine “Halkara boýkot, daşlaşma we sanksiýa hereketi" adyny beren topar Stefanplatz meýdançasynda ýygnanyp Ysraýylyň hökümetini protest etdiler.

Ysraýylyň Palestinada we Gazada guran hüjümleriniň suratlaryny ýanlary bilen getiren topar Palestinanyň baýdaklaryny göterdiler.

“Ysraýyla boýkot, Palestina azatlyk" şygarlaryny aýdan topar, ABŞ-na we ÝB-ne işjeň bolmagyna çagyrdy.

Topar beren umumy beýanatynda Ysraýylyň 1967-nji ýylda ozalky serhetlerine çenli yza çekilmegi we Palestinanyň ykrar edilmegi islendi.

Global güýçleriň Ysraýyl hökümetini läliksiredýän syýasatlar alyp barýandygy bellenen beýanatda Ysraýyl hökümetine garşy global boýkot, daşlaşma we sanksiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegine çagyrylýar.

Demonstrasiýada çykyş eden ysraýylly adam hukuklary aktiwisty Ofer Neiman bolsa ABŞ-nyň we ÝB-niň Ysraýylyň hökümetine ýüreklilik berýän syýasatlar alyp barýandygyny belläp: “Palestina topraklaryndaky basyp alyjylygyň bes edilmegi, ykdysady we syýasy basyşlaryň alynyp barylmagy maksady bilen Ysraýyla garşy boýkot edilmelidir" diýdi.



Degişli Habarlar