Russiýada žurnalistlere hüjüm guraldy

Hüjümiň kimler tarapyndan guralandygy entek bilinenok

448494
Russiýada žurnalistlere hüjüm guraldy

Russiýanyň Kawkaz sebitinde žurnalistlere we adam hukuklaryny goraýjylaryna guralan hüjümde ençeme adam ýaralandy.

Maskaly adamlar Inguş Awtonom Respublikasynyň Çeçenistan serhediniň golaýynda Groznyý şäherine tarap barýan içinde 5-si žurnalist bolan 9 adamy daşaýan awtobusy nyşana aldylar.

Hüjümçiler žurnalistleri we awtobusyň sürüjisini urdylar, yz ýanyndan bolsa awtobusy oda berip içindäki adamlary diriligine ýakmaga synanyşdylar.

Hüjümde aralarynda norwegiýaly we şwesiýaly žurnalistler bolan 6 adam ýaralandy.

Žurnalistleriň pullary, ykjam telefonlary we pasportlary ellerinden alyndy.

Bu wakadan birnäçe sagat soň bolsa bu gezek Inguş Awtonom Respublikasynyň Karabulak şäherinde 5 sany ulag bilen gelen ýaragly adamlar adam hukuklaryny goraýjy guramanyň ofisine girdiler.

Hüjümçiler kameralary we gapylary döwdüler, ofisiň içindäki enjamlary çym-pytrak etdiler.

Wakanyň bolan ýerinde edaranyň içinde hiç kimiň ýoklygy adamlaryň ýogalmagynyň öňüni aldy.

Hüjümleriň kimler tarapyndan guralandygy entek bilinenok.

Resmi Moskwa hüjümi ýazgardy, waka bilen baglanşykly giň-gerimli derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar