DAEŞ Tunisiň Bingirdan şäherçesine hüjüm gurady

Ýüze çykan çaknyşykda 53 adam ýogaldy

446529
DAEŞ Tunisiň Bingirdan şäherçesine hüjüm gurady

Terror guramasy DAEŞ-iň Tunisiň Liwiýa serhedindäki Bingirdan şäherçesine guran hüjüminden soň ýüze çykan çaknyşykda ýogalan adamlaryň sany 53 adama ýetdi.

Ýogalanlaryň 11-i esger, 7-si bolsa asuda ilatdan.

Hüjüm yzyna serpikdirildi, 35 terrorçy bolsa öldürildi.

Operasiýada terrorçylara degişli köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy.

Wakadan soň Tunisiň Içeri işler ministrligi Bingardanda giýje köçä çykmagy gadagan etdi.

Sebitde giň-gerimli howpsyzlyk çäreleri görüldi, adamlara bolsa öýlerinden çykmazlyga çagyryldy.



Degişli Habarlar