Hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyk şu gije güýje girýär

Ylalaşyk şertnamasy şu gün agşam BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde sese goýlar

439887
Hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyk şu gije güýje girýär

Siriýada hüjümleriň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşyk şu gije güýje girýär.

Ylalaşygyň güýje girmegine sanlyja sagat galanda Russiýanyň ýurtdaky bombaly hüjümlerini dowam etdirýändigi habary gelip gowuşdy.

Halkara Siriýa goldaw topary ylalaşyk meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin Ženewadaky gepleşiklerini dowam etdirýär.

Ylalaşyk şertnamasy şu gün agşam BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde sese goýlar.

Beýleki tarapdan Russiýa Siriýada yzygiderli parahatçylygyň üpjün edilmegi maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň indiki tapgyrynyň 7-nji martda geçirlip bilinjekdigini habar berdi.

BMG hem soňky iki hepde-de gabaw astyndaky 17 etrapçada 125 müň adama ynsanperwer kömeginiň berlendigini mälim etdi.





Degişli Habarlar