DAEŞ-e we beýleki terror guramalaryna garşy hüjümler dowam eder

Putin Kremlde rus federal howpsyzlyk gullugynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

440176
DAEŞ-e we beýleki terror guramalaryna garşy hüjümler dowam eder

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň güýje girmeginden soň hem Siriýada DAEŞ-e we beýleki terror guramalaryna garşy harby hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdy.

Putin Kremlde rus federal howpsyzlyk gullugynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Wladimir Putin, Siriýadaky ähli taraplaryň şu gije güýje girmegine garaşylýan ylalaşyga laýyklykda hereket etjekdikleri hakynda maglumat alandyklaryny nygtady.

Putin “DAEŞ, Nusra fronty we BMG tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen beýleki guramalara garşy operasiýalarymyz dowam eder" diýdi.

ABŞ-nyň hem muňa sarpa goýmagyna garaşýandygyny aýdan Putin; “Russiýanyň topraklaryny, Ýakyn Gündogardan we beýleki sebitlerden gelip biljek terrorçylardan goramalydyrys. Terrorçylykly hüjüm guran şahyslary anyklap täsirsiz ýagdaýa getirmelidiris" diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa ABŞ-nyň we hyzmatdaş ýurtlaryň Siriýada gury ýer hüjümleriniň guralmagy hakyndaky pikirinden ýüz öwürmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar