Obama Iordan Şasy bilen duşuşdy

Terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş bilen birlikde Yrak meselesi seljerildi

439474
Obama Iordan Şasy bilen duşuşdy


ABŞ-da saparda bolan Iordan Şasy Abdullah Ak Tamda Prezident Barak Obama bilen duşuşdy.

Duşuşykda esasan hem terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş bilen birlikde Yrak meselesi seljerildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama, Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyga seresaply çemeleşýändiklerini aýtdy.

Siriýada güýje girjek ylalaşyga seresaply çemeleşýändiklerini aýdan Barak Obama, geçen hepde Siriýada howp astyndaky adamlara ynsanperwer kömeginiň berlendigini belledi.

Barak Obama geljek hepdelerde çaknyşyklaryň bes edilmegi bilen syýasy geçiş etaby üçin herekete geçmek mümkinçiliginiň ýüze çykyp biljekdigini nygtady.

Iordaniýanyň Siriýaly bosgunlary kabul etmek bilen uly iş edendigini aýdan Barak Obama İordan Şasy bilen şeýle hem Ysraýyldaky we Günbatar Şeriadaky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Iordan Şasy Abdullah hem hem DAEŞ-e garşy halkara jemgyýetçiliginiň birlikde hereket etmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar