Wladimir Putin Eýranyň Goranmak ministrini kabul etdi

Russiýanyň Prezidenti Wladmir Putin paýtagt Moskwada Eýranyň Goranmak ministri Hüseýin Dehghany kabul etdi

434181
Wladimir Putin Eýranyň Goranmak ministrini kabul etdi

Russiýanyň habarlar gullugy TASS-e beýanat beren Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow kabul edişligiň bolandygyny tassyklady, emma duşuk hakyndan doly maglumat bermedi.

Russiýa we Eýran Siriýadaky içerki söweşde Asady goldaýar.

Resmi Moskwa Asadyň ýurtdaky häkimiýetini goramak üçin howa hüjümlerini guraýan bolsa, Eýran we Liwandaky Hizbullah güýçleri gury ýer operasiýalaryna gatnaşýar.



Degişli Habarlar