Owganystanda DAEŞ-e agza 42 terrorçy öldürildi

Ýogalanlaryň arasynda guramanyň sebitdäki esasy serkerdeleri hem bar

433799
Owganystanda DAEŞ-e agza 42 terrorçy öldürildi

Owganystanyň Nangarhar şäherinde terror guramasy DAEŞ-e degişli ýerlere guralan operasiýada gurama agza 42 terrorçy öldürildi, 5 terorçy hem ýaralandy.

Owganystanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda ýurduň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar şäheriniň Açin etrabynda DAEŞ-e garşy guralýan operasiýalaryň depgininiň güýçlenendigi nygtaldy.

Ýogalanlaryň arasynda guramanyň sebitdäki esasy serkerdeleri hem bar.

Beýleki tarapdan Owganystanyň çar tarapynda Talibana garşy guralan operasiýalarda hem Talibana agza 12 adam öldürildi.

Operasiýalarda köp sanly ýarag bilen ok-däri tapyldy.



Degişli Habarlar