Ysraýyl ýene-de 2 palestinaly oglany öldürdi

Ysraýylly esgerler Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky Jenin şäheriniň golaýynda od açyp 15 ýaşly 2 palestinaly oglanjygy öldürdi

432399
Ysraýyl ýene-de 2 palestinaly oglany öldürdi

Öldürilen palestinalylaryň Jenin şäheriniň günbataryndaky Al-Arka etrapçasyndan Nihad Raid we Fuad Merwandagylardygy beýan edildi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň Ýargly güýçleri ady agzalan palestinalylaryň ýüze çykan çaknyşykda öldürilendigini öňe sürdi.

Ysraýylyň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda: “Jenin şäheriniň günbatarynda Ysraýylyň howpsyzlyk güýçlerine garşy tüpeň bilen od açan 2 palestinalynyň öldürilendigi, esgerleriň arasynda ýogalanlaryň ýa-da ýaralananlaryň bolmandygy" aýdylýar.

Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri we jöhit ýaşaýjylaryň Aksa Metjidine basyşlary sebäpli 2015-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri sebitdäki dartgynlyk barha artýar. Günbatar Şeriada we Iýerusalimde her gün diýen ýaly ysraýyllylara garşy hüjüm gurandygy öňe sürülip palestinalylar öldürilýär.



Degişli Habarlar