Ýapylan serhetler Ýewropa taslamasynyň çökmegine sebäp bolup biler

Fiko “Serhetlerimizi goramak biziň esasy meselämizdir” diýdi

431957
Ýapylan serhetler Ýewropa taslamasynyň çökmegine sebäp bolup biler

Slowakiýanyň Premýer ministri Robert Fiko ýapylan serhetleriň Ýewropa taslamasynyň çökmegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

Robert Fiko bosgun meselesiniň çözülmegi üçin ÝB-niň serhetleriniň goralmalydygyny nygtady.

Fiko “Serhetlerimizi goramak biziň esasy meselämizdir” diýdi.

Şengen sebitine agza ýurtlaryň öz serhetlerini goňşularyna ýapmagynyň ykdysady we syýasy taýdan ýitgi çekilmegine sebäp bolup biljekdigini aýdan Fiko “Ýapylan serhetler, syýasy netijeleri taýdan simwolik duýduryşdyr we bu Ýewropa taslamasynyň çökmegine sebäp bolup biler” diýip belledi.

Fiko ÝB-niň 2016-njy ýylda bosgun meselesini ýa çözjekdigini ýada çökjekdigini aýdypdy.



Degişli Habarlar