Asada bagly güýçler hüjüme başlady

Asada bagly güýçler hüjüme başladyPartlama sesleri Türkiýäniň Ýaýladagy etrabynda hem eşidilýär

432467
Asada bagly güýçler hüjüme başlady

Asada bagly güýçler Latakiýa sebitiniň Türkmendagy we Jebel Ekrad diýilen ýerlerine garşy ýaňadandan hüjüm etmäge başladylar.

Alynan maglumata görä Asada bagly güýçler türkmen obalaryna we oppozisionerleriň Jebel Ekratdaky ýerlerine garşy minomýotlar we roketalar bilen hüjüm etmäge başlady.

Gury ýer hüjümlerini başladan Asadyň esgerleri bilen oppozisionerleriň arasynda Türkmendagyndaky Kuruja obasy bilen Jebel Ekrtadaky Al Gzal we Künsübbe obalarynda güýçli çaknyşyklar bolýar.

Partlama sesleri Türkiýäniň Ýaýladagy etrabynda hem eşidilýär.



Degişli Habarlar