Täze bosgun akymy başlady

Ýene-de takmynan 100 müň bosgun öz öýlerini terk etdi

429105
Täze bosgun akymy başlady

Russiýanyň we Asada bagly güýçleriň Halap bilen Türkiýäniň arasyndaky zolagy basyp almagyndan soň başlan bosgun akymy bilen takmynan 70 müň adam howpsyz ýerlere göçdüler.

Bosgun akymy bilen 40 müň töwerek adam Halapyň demirgazygyndaky Azeze, 30 müň adam bolsa şäheriň günbataryndaky oba ýerlerine ýerleşdiler.

Birnäçe gün ozal Asada bagly güýçler Halapyň merkezi bilen Türkiýäniň arasyndaky zolagy basyp aldy.

Bundan başgada 10 müňden gowrak siriýaly Baby Selam gümrük geçelgesine ýerleşdirildi.

Siriýanyň Baby Selam gümrük geçelgesi Türkiýäniň Önjüpynar gümrük geçelgesiniň garşy tarapynda ýerleşýär.

Türkiýe we gumanitar guramalar serhet zolagyna ýerleşen bosgunlary şol ýerde gurulan çadyrlara ýerleşdirmegi dowam etdirýärler.

Russiýanyň we Asada bagly güýçleriň Halapa guraýan hüjümlerini dowam etdirmekleri halatynda ýene-de 100 müňe golaý adamyň Türkiýä geçjekdigi çak edilýär.



Degişli Habarlar