Gresiýanyň Premýer ministri Çipras Eýranda saparda bolýar

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras Eýranda 2 günlük saparda bolýar

428582
Gresiýanyň Premýer ministri Çipras Eýranda saparda bolýar

Ýadro ylalaşygyndan soň Eýrana garşy goýulan 35 ýyllyk sanksiýalaryň aýrylmagy sebäpli Günbatar ýurtlary ýeke-ýekeden Eýran bazaryna girmäge başladylar.

Ilki bilen Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Ýewropanyň käbir ýurtlarynda saparda boldy.

Indi bolsa günbatarly bir lider Eýranda saparda bolýar.

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çiprasyň Tährana gurajak saparynda energetika pudagyndan gurluşyk pudagyna çenli ençeme pudak boýunça ylalaşyk baglaşylmagyna garaşylýar.

Çiprasa hökümetiň ýolbaşçylaryndan we işewür adamlardan ybarat wekiliýet ýoldaşlyk edýär.

Tähran we Afiny iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmak isleýärler.

Çiprasyň sapary bilen iki ýurduň gatnaşyklarynda täze sahypa açylar diýip çak edilýär.

Duşuşykda energetika, suw çeşmeleriniň dolandyrylmagy, ykdysadyýet, oba-hojalyk, syýahatçylyk we derman senagaty ýaly pudaklary barada pikir alyşarlar.

Ykdysadyýetden daşary iki ýurdyň liderleri sebitleýin meseleler barada hem pikir alyşmagyna garaşylýar.

Aleksis Çipras iki günlük saparynyň çäginde Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý we Prezident Hasan Ruhani bilen duşuşar.

Duşuşyklaryň çäginde Gresiýanyň we Eýranyň arasynda ençeme şertnama gol çekiler.



Degişli Habarlar