Şerif Kaşmir meselesiniň çözgüdi üçin Hindistan bilen diýaloga başlady

Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif Kaşmir meselesiniň çözgüdi üçin Hindistan bilen diýaloga başlanandygyny mälim etdi

427853
Şerif Kaşmir meselesiniň çözgüdi üçin Hindistan bilen diýaloga başlady

Şerif Azad Keşmir sebitiniň paýtagty Muzafferabaddaky Kaşmir mejlisinde “Kaşmir raýdaşlyk güni" sebäpli eden çykyşynda: “Hindistan bilen Pakistanyň arasynda gapma-garşylygyň bardygyny her kim bilýär. Emma esasy mesele eýýäm 60-70 ýyl bäri garaýyşlardaky gapma-garşylykdan halas bolmadyk" diýdi.

Nawaz Şerif : “Ýüz-ýüze oturyp meseläni ara alyp maslahatlaşmasak çözgüt tapylmaz" diýip nygtady.

Premýer ministr Şerif Pakistanyň halkynyň we hökümetiniň Jammu Kaşmir halkyna syýasy, ruhy we diplomatik taýdan berýän goldawynyň dowam etjekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar